TÜRKMEN WEKILIÝETI KAZAN ŞÄHERINDE ÝUNESKO-NYŇ ÝUBILEÝ FORUMYNA GATNAŞAR

Bütindünýä mirasy goramak baradaky Konwensiýanyň uly şanly senesine bagyşlanan ÝUNESKO-nyň halkara forumy 4-9-njy dekabrda Kazan şäherinde geçiriler. 50 ýyl mundan ozal – 1972-nji ýylda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda iň netijeli hem-de giňden ykrar edilýän halkara namalarynyň biri işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Maslahat Russiýadan hem-de GDA, Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlaryndan 1000-e golaý adamy bir ýere jemlär, degişli ministrler, bütindünýä mirasynyň desgalaryny dolandyryjylar, hökümete degişli bolmadyk, bilermenler we ýaşlar guramalarynyň wekilleri gelerler diýip, guramaçylar habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdürliginiň ýolbaşçysy hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri girdiler.

Kazanda halkara forumyna Ýewraziýa halkarynyň Assambleýasy hem işjeň gatnaşýar. Meýilleşdirilen çäreleriň birnäçesi bu halkara guramanyň goldaw bermeginde geçiriler. Kazan we Sankt-Peterburg şäherleriniň medeni meýdançalary we bilim merkezleri bolsa dürli meselelere bagyşlanan maslahatlaryň hem-de duşuşyklaryň, şeýle hem umumy mejlisleriň geçiriljek ýerine öwrüler. Forumyň wakalary “Medeniýetara dialogy bütindünýä mirasyny gorap saklamagyň zerurlygy hökmünde” diýen şygar astynda geçer.

Kazanyň şäher hakimliginde forumyň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça milli toparlarynyň jogapkär sekretarlarynyň duşuşygy, şeýle hem DIM-iň ugurdaş düzüm bölümleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ÝUNESKO-nyň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklar hakynda daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçiriler diýlip, forumyň guramaçylarynyň habarynda aýdylýar.