ŞWEÝSARIÝADA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ HALKARA UNIWERSITET SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇY DÜZÜMI BILEN DUŞUŞYGY BOLDY

2018-nji ýylyň 28-nji fewraly-1-nji marty aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şwesariýanyň Lozanna şäherine sapary boldy, onuň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşyklar geçirildi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýatiýew, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş sekretary A.Myradow we BMG-niň Ženewa şäherindäki Edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili A.Haljanow girdiler.

Gepleşigiň barşynda Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň Prezidenti O.Matysin we şol federasiýanyň Baş sekretary E.Saintrod özleriniň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada saparyny we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryny gurnamagynda türkmen tarapyna öz minnetdarlygyny bildirdiler.

Taraplar 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi mysal bolup durýan Türkmenistanyň Prezidentiniň sporty ösdürmekde edýän aladalaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistan  geljekde sporty ösdürmekde we ýurtda nobatdaky halkara oýunlaryny geçirmek meselesinde uly mümkinçiliklere eýe. Şunuň bilen baglylykda, Halkara uniwersitet sporty federasiýasynyň ýolbaşçy düzümi geljekde bilelikde giň gerimli sport ýaryşlaryny geçirmek meselesinde Türkmenistan bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyny berkitmäge taýýardygyny aýan etdi.

Öz gezeginde ýurtda sport çärelerini geçirmekde türkmen tarapynda degerli infrastrukturanyň şeýle hem degişli tejribäniň bardygy bellenilip geçildi. Gatnaşyklary, şol sanda Aşgabat şäherinde, yzygiderli duşuşyklary we maslahatlary dowam etmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.