TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi.

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we Hindistan Respublikasynyň daşary işler boýunça döwlet ministri Mubaşir Jawed Akbar gatnaşdylar.

Dabaralara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem dabaralara ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, birnaçe döwletleriň wekiliýetleri, abraýly halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Aziýa we Yslam ösüş banklarynyň, halkara işewurler toparynyň, daşary ýurt we watanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Bu ýere ýygnananlar dabara wagtynda teleköpri arkaly TOPH energomagistralynyň iki sany polat turbalarynyň sepleşýän ýeriniň kebşirlenşini, elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijileriniň çekilşini synladylar.

“Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýelik etmek bilen, diwersifikasiýanyň, dünýä bazarlaryna energo serişdelerini eltmegiň köp asyrlaýyn ulgamyny döretmegiň üsti bilen mawy ýangyjyny eksport etmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar”- diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň başlanmagy mynasybetli dabarasynda belledi. “Mawy ýangyjynyň” baýlygy boýunça dünýäde ikinji ýeri eýeleýän “Galkynyş” ýatagyndan öz başlangyjyny aljak TOPH gaz geirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, sebitde öňde duran meseleleri çözmek bilen birlikde   parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge ýardam eder. Müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik dörediler.

Bu uly gaz geçirijisiniň ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisini gurmak hem göz öňüne tutulýar. Biziň döwletimiziň serhedinden Owganystanyň üsti bilen Pakistana çenli 814 kilometr optiki-süýümli ýoly geçer. Bu taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen geljekde Türkmenistan Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda maglumat köprüsi hökmünde wajyp orun eýelär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan goňşy Owganystan bilen şeýle-hem ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berer diýip belläp geçdi. Döwlet baştutany mysal hökmünde eýýäm gurlup ulanylmaga berlen Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan magistralynyň bölegi bolan Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýoluny getridi. 

Ýany ýakynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi tarapyndan umumy uzynlygy 13 kilometre barabar bolan owgan bekedi Turgunda çenli demir ýoly hem doly durky täzelendi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bekediň geçrijilik ukyby, Owganystanyň haryt dolanşygynda onuň orny ösdi, gysga we amatly ýol arkaly owgan önümlerini halkara bazarlarynda çykarmaga, şeýle-hem bu ýurda import harytlaryny getirmäge mümkinçilik açyldy.

Tükmenistan bilen Owganystanyň arasynda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha hiň gerime eýe bolýar. Doganlyk ýurda eksport edilýän elektrik energiýasynyň mukdarlaryny köpeltmek maksady bilen hem biz meýilnamalaýyn esasda elektrik geçirijilerini, stansiýalary gurýarys. Şolardan ýene biriniň ýagny kuwwatlylygy 500 kWt bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň şu gün çekilip başlanmagy gaz geçirijisiniň ugry boýunça desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga, şeýle hem ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer.   

TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşygyna hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisinniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň baş şertlerine gol çekildi.

Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary, Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy we Hindistanyň daşary işler döwlet ministri Serhetabat etrabyndan Owganystanyň Hyrat şäherine ugradylar, şol ýerde şu günki dabaralar dowam etdi.

Şu gün biziň ählimiz üçin uly baýram. Biz bu baýramy doganlyk owgan halky, pakistanly we hindistanly dostlarymyz, şeýle hem beýleki ýurtlardan gelen dostlarymyz bilen bilelikde belleýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu duşuşyk biziň oý-pikirlerimiziň hem-de maksatlarymyzyň birdigini aňladýar. Alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygymyzyň aýdyň tassyklanmasy bolup durýar. Biz şu hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini görýäris we oňa buýsanmaga haklydyrys.

TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň arasynda elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna başlanmagy, «Serhetabat–Tungundy» demir ýolunyň gurulmagy bu taslamalara gatnaşyjy ähli döwletleriň olara örän jogapkärli çemeleşendigini, uzakdan görüjiligini hem-de ylalaşygyny, öz borçnamalaryna ygrarlydygyny aýdyň görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň baştutanynyň belläp geçmegine görä bu integrasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň döwletleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň ykdysady mümkinçilikleriniň artmagyna giň ýol açýar.